Blogdan gözle

27 июн. 2011 г.

herkimiñ öz gaýgysy...


Adamzat çagasy şeýle göripmi? Belki menem şeýle ýüzlenýändirin
tanyşlaryma. Nähili ýüzlenmek?! Iň ýakyn dostum diýýän tanşym öz
peýdasy üçin hereket etýä. Diňe öz ýörejek ýoluny bezemek üçin
kellesinde plan-çyzuw döretýä. Ýanyndakynyň birje gram hem aladasyny
edenok. "Herkimiň öz gaýgysy, kel gyzyň är gaýgysy" ine şu...
nakyl takyk
aýdylanyna göz ýetirdim. Ýöne meniň aklym erenok. Adam şeýle
ýaradylanmy ýa terbiýesine baglymy?! Her bende beýlekisine ýardam
berse, olam başga birine, ana şonda ýaşaýyş üýtgemezmi? Has
aňsatlaşmazmy? Birek-birege dogan-dogana, hiç öz jübüsini oýlaman,
elinden geleninden goldaw berse... ýöne nirde beýle arzuwyň hasyl
bolmasy. Tersine, ýere ýykylany elinden tutup galdyrmagyň ýerine,
aýagy kirlenmesin diýip ýerde ýatanyň üstünden depeläp geçýäler. Şu
ýagdaýda dowam etse dünýäniň soňunyň nähili boljagyny göz öňüne
getirip bilemok.

Комментариев нет:

Отправить комментарий