Blogdan gözle

26 июн. 2011 г.

Keýf-i Sultan

Dostlarym bilen Rossiýada Sankt-Pererburg şäherinde bir restorana iýip-içmäge barýas. Baran ýerimiziň ady Keýf-i Sultan. Tursiýada 6 aý ýaly ofisiant bolup işläp gaýdan ýerim. Ýanymdakylar stoluň başyna geçip oturýalar. Zakaz bermekçi...
bolýan hem men. Restoran iki komnat. Giren ýeriňde uly zal, ondan içeri girseň has kiçiräk otag. Girdim içerkisine. Ofisiant gezip ýör. Näme isleýänimi aýtdym aýtmasyna weli, bir zady düşünşip bilmedik. Men didim "Men şu ýerde işläp gidipdim. Hemme zadyna düşünýän. Näme ,ýok diýip men aldajak bolýaňmy?" Gykylyga restoranyň eýesi ylgap geldi, Sewgi abla. Meni görüp "Araz, sen näme etýäň bärde? näçe wagt boldy görüşmedigimize" diýip salamlaşan badyma gujaklady. Men hem "Sewgi abla, bärde hem restoranyňyzyň bardygyny bilemokdym" diýdim. Garaz, dertleşdik, nämeler edenimizi aýdyşdyk. Soň meni işe çagyrdy. Okuwdan soň gelip işlemegimi teklip etdi. "Aýratyn gepleşeris" diýip garnymyzy doýuryp şatlyk bilen öýe tarap uzaklaşdyk. Soň oturup oýlanyp oturýan weli, men şol ýere işe geçsem, Sewgi abla Tursiýadaky restorany ýöretse, men hem bärdakini alyp çyksam gowy bolardy diýip pikir gelýä aklyma. Şeýdip oýlap ýatyşyma onuň Sankt-Peterburgda restorany ýokdygyny bilip galdym. Soň hem oýandym. Köne günleri ýatlamak gowy boldy.

Комментариев нет:

Отправить комментарий