Blogdan gözle
25 июн. 2011 г.
Oýlanma
Geçen bir hepdä garanyňda bu gün azajygam bolsa ýeňilräk. Sebäbi ekonomikadan ekzamen tabşyryp "otliçno" baha almak, adamy arkaýynladýa. Ýene galdy 1 ekzamenim, 2 sany hem zaçýotym. Şolary dynamsoň problema azalaýjak ýaly weli, tersine köpelip barýa. Bu tomus Türkmenistana gitmekçi däl. Işlemeli. Adamyň gözi doýmaýamy ýa maňa hakykatdanam ýetenokmyka?! Sowarlyk pul tapylýa, derrewem gitýä. Aj-a galamok weli şonda-da hemişe ýeter-ýetmezçilik bolýa. Oýlanýan weli şeýle ýagdaý hemme-de bolýamyka ýa diňe meň gara maňlaýyma ýazylanmyka?! Öňem biri aýdyp geçipdir: "Bu günlerem geçer gider" Geçer nesip etse, gowy günleriň umydynda, hudaýa şükür.
23 июн. 2011 г.
Täze öwreniji
Şuwagta çenli internetde oturup, nämedigine düşünen bolsamam özüme şeýleräk bir blog açmak kelläme-de gelmändir. Şu açanym birinji. Görüberdik-da, mundan soň nämeler bolar, bu bloga nämeler ýazylar. Her wagt gelip garalap çyzyp giderin diýen umytda. Bolmadyk ýagdaýda her gün bolup geçen üýtgeşik wakalary ýazaýaryn. Bismillahirrahmanirrahim.
Подписаться на:
Сообщения (Atom)